Dubaý dünýäde iň uly emeli tokaýy ösdürip ýetişdirer: kenar ýakasynyň 72 km ugrunda 100 million agaç oturdylar

  • 06.05.2024 15:06
  • 23k+

Dubaýda kenar ýakasynyň ugry bilen 72 kilometre uzap gidýän dünýäde iň uly emeli tokaý peýda bolar.

Dubai Mangroves (“Дубайские мангровые леса”) diýlip atlandyrylýan bu taslama 100 million mangr agajynyň ekilmegini göz öňünde tutmak bilen, deňiz otlaryny we merjen gaýalaryny gowulandyrar, 10 000 iş ornuny döreder we sebitde ekosyýahatçylygyň ösmegine ýardam eder diýlip garaşylýar.
Kömürturşy gazyny siňdirmäge ukyplydygy bilen at alan mangr jeňňelligi  howanyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm rol oýnap, ýylda 1,23 million tonna CO2-ni özüne siňdirer, bu 260 000 sany benzinli awtoulagyň zyýanly zyňyndysyna deňdir.
Tokaýyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin AI tehnologiýalary, emeli hemralar we dronlar ulanylar. Taslamanyň çäginde eko-ýodalary, welosiped we ylgaw ýollaryny, kenar dynç alyş zolagyny, seýilgähleri we birnäçe eko-merkezi döretmek meýilleşdirilýär.
Taslama ýerli Urb kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär, onuň durmuşa geçirilip başlanmaly wagty entek habar berilmedi.


03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......

30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....