Ýaponiýanyň parlamentarileri üç günlük sapar bilen Türkmenistana geler

  • 02.05.2024 21:27
  • 3.2k+

Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon parlamentiniň wekiliýeti 12-14-nji maýda Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada 1-nji maýda Ýaponiýanyň ilçisi Hiroşi Sasakiniň Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen duşuşygynda belli boldy diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara dostluk toparynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi Hirosi Sasaki 12-14-nji maý aralygynda Ýaponiýa-Türkmenistan dostluk toparynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza sapar bilen gelmegi meýilleşdirýändigi barada habar berdi. Parlamentara dostluk toparynyň sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek üçin uly goşant bolup durjakdygy bellenilip geçildi. 
Taraplar döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.
Belläp geçsek, Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2024-nji ýylyň fewralynda Tokio sapar bilen bardy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......