Türkmenistan Owganystanyň Hyrat welaýatyna iberýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrar

  • 30.04.2024 14:19
  • 10k+

Owganystanyň Hyrat welaýatynda "Nur-ul-Jehad" bekedini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek işleri tamamlanyp gelýär. Bu barada Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS) energetika kompaniýasy Türkmenistanyň halkara energetika taslamalary boýunça ýolbaşçysy Myrat Artykow bilen geçiren duşuşygynda belledi.

Işleriň tamamlanmagy kompaniýa podstansiýanyň kuwwatlylygyny 70-den 110 megawatta çenli artdyrmaga mümkinçilik berer, bu bolsa Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny ep-esli artdyrar. Garaşylyşy ýaly, munuň özi welaýatda müňlerçe sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün eder.
Bu taslama Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TAP) elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça has iri möçberli başlangyjyň bir bölegi bolup durýar. Onuň çäklerinde türkmen tarapy ýurdumyzy Owganystan bilen birleşdirýän birnäçe elektrik geçiriji ulgamlaryny gurdy. 
Häzirki wagta çenli Türkmenistan Owganystanyň elektrik energiýasyna bolan zerurlyklarynyň 20%-ini üpjün edýärdi.

Daryo agentliginiň habar bermegine görä, Owganystan elektrik energiýasynyň 80%-ini Merkezi Aziýadan we  Eýrandan import edýär.


27.06.2026 19:38
5.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......