Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşdy

  • 29.04.2024 12:28
  • 18k+

28-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Pursatdan peýdalanyp, Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmäge meýillidigini tassyklady.
Häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli, uzak möhletleýin döwlet maksatnamalary daşky gurşaw bilen sazlaşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ekologik taýdan arassa ykdysadyýetiň döredilmegine gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýaş agaç nahallaryndan we ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgählerden ybarat gök zolaklaryň çägi yzygiderli giňeldilýär. Watanymyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklary emele geldi. Gerimi boýunça ägirt uly tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly oňaýsyz ýagdaýlara garşy umumydünýä tagallalaryna goşulýan ägirt uly goşantdyr.
Soňra Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.


şu gün 08:13
897

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
1.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
644

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......