Türkmenabatda Gadymy Amul galasyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

  • 27.04.2024 23:14
  • 10k+

26-njy aprelde Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäre Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary we Lebap welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy.

 

Wekilçilikli maslahata Türkmenistandan, şeýle hem daşary ýurtlardan meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, gündogarşynaslar, tanymal professorlar, ýaş alymlar, Beýik Britaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, RF-niň Tatarystan Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan bilermenler çagyryldy.
Çäräniň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar düýn açyk asmanyň astyndaky ýadygärlik bolan gadymy Amul şäherine baryp gördüler we onuň binagärlik gurluşy bilen tanyşdylar. Bu gadymy şäher Türkmenabat — Kerki awtoulag ýolundan 619 metr uzaklykda, Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde ýerleşýär. Şeýle hem myhmanlar Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlandylar. Halkymyzyň gadymy ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşykly maddy-medeni gymmatlyklar — şaý-sepler, haly önümleri, misden, palçykdan we agaçdan ýasalan gap-gaçlar, keteniden tikilen milli lybaslar, saz gurallary, zähmet gurallary bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Muzeýiň özboluşly gymmatlygy — Hojapil obasyndan getirilen we 150 million ýyl ýaşy bolan dinozawryň daşa öwrülip giden aýak yzy myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Gezelençlerden soňra, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.
Forumyň öňüsyrasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda şäherleriniň biri bolan gadymy Amul galasyna bagyşlanan mowzuklaýyn sergi guraldy. 

 

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň halkara ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen köp sanly taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşmak arkaly özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezendigini nygtadylar. Şunda uzak geljek üçin däp bolan özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň alyp barýan işlerinde hem aýdyň görünýär. Ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýady yzygiderli berkidilýär. Häzirki güne çenli Türkmenistan birnäçe möhüm ugurlarda ÝUNESKO-nyň 12 sany Konwensiýasyny tassyklady. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn medeni, taryhy we ekologik ähmiýeti bolan tebigy hem-de beýleki ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna, wagyz edilmegine gönükdirilen “Dünýä mirasy” atly maksatnamasynyň işjeň durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenildi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......