Amazonyň täze filminde Raýan Gosling Gün ulgamyny terk eder

  • 23.04.2024 22:20
  • 5.4k+

Amazonyň Prime Video hyzmaty Endi Weýeriň adybir romany esasynda döredilen “Ave Mariýa” taslamasy” atly täze ylmy-fantastiki filmi yglan etdi. Baş keşbi Raýan Gosling ýerine ýetirip, ol astronawt bolan mekdep mugallymy Raýland Greýsiň keşbinde oýnar diýip, Hypebeast ýazýar.

Film ýakyn geljekde boljak wakalar barada gürrüň berer. Greýs kosmos stansiýasynda özüne gelip, kimdigini we nädip ol ýere düşendigini ýadyna salyp bilmeýär. Ýuwaş-ýuwaşdan özüniň Ýerden 12 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Tau Kita ulgamyna ekspedisiýa iberilendigini aňşyryp başlaýar. Missiýanyň maksady adamzady golaýlap gelýän betbagtçylykdan halas etmegiň ýoluny tapmak.
Filme “Lego. Film” we “Möý-adam: Älem içre” filmindäki işleri bilen tanalýan Fil Lord we Kristofer Miller režissýorlyk eder.
Filmiň edebi esasyny ýerine ýetiriji prodýuser hem bolup çykyş edýän Drýu Goddard ýazdy. Filmi surata düşürmek işleri 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlar we IMAX formatynda geçer. ““Awe Mariýa” taslamasy”-nyň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylda geçer.
Ondan öň Raýan Gosling bilen Margot Robbiniň “Ouşeniň on bir dosty” filminde çykyş etjekdigi mälim bolupdy.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....