Magtymguly adyndaky TDU Moskwada "Uniwersitetler we geljek" forumyna gatnaşdy

  • 23.04.2024 20:28
  • 8.4k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň adyndan wekilçilik edip, Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň Geňeşiniň Prezidiumynyň giňişleýin mejlisine hem-de “Uniwersitetler we geljek” atly halkara forumyna gatnaşdy. Forum 17-nji aprelde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň “Intellektual merkezinde - MDU-nyň fundamental kitaphanasynda” geçirildi diýip, TDU-nyň resmi saýtynda habar berilýär. 

Halkara çärä şeýle hem Hytaýyň, Wýetnamyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Liwanyň, Omanyň, Saud Arabystanynyň, Efiopiýanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 100-den gowragyndan wekiller gatnaşdy.
Mejlisde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň rektory, Assosiasiýanyň prezidenti W.Sadowniçiý we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş etdi. Uniwersitetara hyzmatdaşlygy yzygiderli ýola goýmak, işjeňleşdirmek boýunça hem pikir alşylmak bilen, bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmekde uniwersitetleri birleşdirýän guramalaryň, birleşikleriň, assosiasiýalaryň ornuna aýratyn ähmiýet berildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekili öz çykyşynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, innowasion tehnologiýalar we sanly bilim boýunça tejribe alyşmagyň, medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary ilerletmegiň ähmiýeti barada nygtap geçdi.
Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasy tarapyndan guralan forumyň çäklerinde ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ýokary bilim edaralarynyň ornuny artdyrmaga gönükdirilen ikitarapalaýyn hem-de köptaraplaýyn birnäçe resminamalara gol çekildi.
Şu ýyl Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň döredilenine 35 ýyl dolýar. Ol dünýäniň 11 ýurdundan 160-dan gowrak häzirki zaman uniwersitetlerini özüne birleşdirýär.

Magtymguly adyndaky TDU 1992-nji ýyldan bäri Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň agzasy bolup durýar.


düýn 23:39
1.6k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.8k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......