Ispaniýanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy topary boldy

  • 23.04.2024 20:05
  • 6.4k+

Ispaniýanyň futbol boýunça milli zenanlar ýygyndysy sport “Oskary” diýlip hem atlandyrylýan Laureus baýragy tarapyndan 2023-nji ýylyň iň gowy topary hökmünde ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Madriddäki Sibeles köşgünde geçirildi. 

Bu nominasiýada beýleki dalaşgärler Angliýanyň “Mançester Sitisi” (Çempionlar ligasynyň ýeňijisi), “Formula-1-iň” “Red Bull” topary (Konstruktorlaryň kubogyny gazandy), Germaniýanyň milli ýygyndysynyň basketbolçylary (dünýä çempionlary) we GAR-yň milli ýygyndysynyň regbiçileri (dünýä çempionlary), şeýle-de Raýder kubogyny alan Ýewropanyň golf ýygyndysy boldy.
Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2023-nji ýylyň tomsunda zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň finalynda Angliýanyň toparyny utup (1:0), altyn medal gazandy.


düýn 19:10
4.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....