TÜRKSOÝ Ankarada Magtymguly Pyragy ýylynyň maksatnamasyny açdy

  • 22.04.2024 20:22
  • 5.8k+

18-19-njy aprelde TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda Türkmenistandaky Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenmegine bagyşlanan çäreleriň birinji tapgyry geçdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde TÜRKSOÝ tarapyndan guralan 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň maksatnamasynyň açylyş dabarasy şahyryň Dikmen jülgesindäki «Türkmenistan» seýilgähinde ýerleşen ýadygärliginiň öňünde bolup geçdi. Bu çärä TÜRKSOÝ-nyň baş sekretary Sultan Raýew, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Mekan Işangulyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory Amanmyrat Aýdogdyýew we beýleki myhmanlar gatnaşdy.
Dabarada çykyş etmek bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutyň rektory Amanmyrat Aýdogdyýew Magtymguly Pyragynyň türkmen medeniýeti we taryhy nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady, şeýle hem döreden goşgularynyň ony diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň öňdebaryjy şahyrlary bilen bir hatarda goýýandygyny belläp geçdi. Dabara Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» tans toparynyň ýerine ýetirmeginde şowhunly tans bilen tamamlandy.
19-njy aprele meýilleşdirilen çäreleriň çäginde TÜRKSOÝ-nyň Baş Sekretariatynyň sergi zalynda «Magtymguly Pyragy we Änew» mowzugy boýunça surat sergisiniň açylyşy boldy. TÜRKSOÝ-nyň metbugat otagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Çäreleriň birinji tapgyrynyň maksatnamasy «Magtymguly Pyragy – türki dünýäsiniň beýik akyldar şahyry» mowzugyndaky konsert bilen tamamlandy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......