“Galkan” Aşgabatdaky hokkeý boýunça halkara ýaryşda altyn medala mynasyp boldy

  • 21.04.2024 10:52
  • 12k+

20-nji aprelde Aşgabadyň sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy, baş baýragy Türkmenistanyň “Galkan” kluby aldy. Final oýnunda Türkmenistan IIM-iň hokkeý kluby RF-iň Tatarstan Respublikasyndan “ADIHIC-Kazan” klubuny 4:2 (1:1, 0:1, 3:0) hasabynda utdy.

Iki topar hem ýekeje ýeňlişe-de sezewar bolman, toparlaýyn tapgyry üstünlikli geçdiler we netijede ýaryşyň esasy kubogy ugrundaky aýgytly oýna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda “Galkana” altyn medallar we Kubok gowşuryldy. “ADIHIC-Kazan” kümüş medallara mynasyp boldy.
Bürünç medallary şenbe güni üçünji ýer ugrundaky oýunda Özbegistanyň “Feniks” klubuny 12:4 (3:0, 6:2, 3:2) hasabynda utan “Volat” belarus toparynyň oýunçylary aldy.
Ýörite baýraklar bilen ýaryşyň eminleri-de we iň gowy oýunçylary-da: derwezeban Ýaroslaw Lagun (“Volat”), goragçy Musa Annasaparow (“Galkan”) we hüjümçi Aýdar Miftahow (“ADIHIC-Kazan”) sylaglandy.
Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş 15 – 20-nji aprel aralygynda geçdi we oňa Bahreýnden, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Omandan, Russiýadan, Özbegistandan, Türkiýeden we Türkmenistandan toparlar gatnaşdy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....