TikTok Instagrama meňzeş sosial ulgamy - TikTok Notes-i işe girizdi: wideolaryň ýerine suratlar we tekstler

  • 21.04.2024 10:21
  • 6.1k+

Gysga wideolardan soň, TikTok suratlaryň we tekstleriň formatyny özleşdirýär. Meşhur wideo hyzmatyň eýesi ByteDance TikTok Notes atly täze sosial ulgamy çykardy diýip, Mail.ru habar berýär.

Mugt programma häzirki wagtda App Store-da we Google Play-de diňe Kanadada we Awstraliýada elýeterlidir.
TikTok Notes Instagram-yň bäsdeşi hökmünde çykyş edýär, programma ulanyjylara özara suratlary, surat galereýalaryny we ýazgylary paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Täzeden paýlaşmak, halanýanlarda ýatda saklamak we teswir bermek aýratynlyklary hem bar. Şeýle-de bolsa, Instagram-dan tapawutlylykda TikTok Notes size şahsy habarlaryňyzy ibermäge mümkinçilik bermeýär.
Programmanyň interfeýsi gysby we ýönekeý: işe başlanda ulanyjy iki bellik - “Siziň üçin” we “Abunalar” bilen garşylanýar. Birinji bölümde maslahat berilýän akkauntlaryň suratlary, ikinji bölümde diňe ýazylanlaryňyz bar. “Siziň üçin” bölümindäki lenta Pinteresti ýada salýan iki sütünli gözenege meňzeýär.
TikTok Notes - häzir beta synagynda we dünýä derejesinde çykaryljak wagty entek yglan edilmedi.


26.05.2026 15:58
2k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....