Taryhda dördünji gezek bitkoin halwingi bolup geçdi. Bu nämäni aňladýar?

  • 20.04.2024 17:13
  • 8.4k+

20-nji aprelde 5:10-da (Aşg.) bitkoiniň hasap boýunça dördünji halwingi bolup geçdi. Her halwingde maýnerleriň blok sylagy hökmünde alýan bitkoinleriniň sany iki esse azalýar: bu sylagyň möçberi nobatdaky gezek iki esse azaldy – 6,25-den 3,125 BTC çenli (häzirki hümmet boýunça, takmynan, 200 müň dollar).

Halwing – her 210 000 blokdan (takmynan, 4 ýylda bir gezek) bolup geçýän bitkoiniň koduna girizilen hadysadyr. Onuň maksady bitkoinleriň umumy sanyny 21 mln bilen çäklendirmekden we kem-kemden kriptowalýutany has az etmekden ybarat. Bu, öz gezeginde, sanly walýuta hökmünde bitkoiniň gymmatyny we uzak möhletleýin durnuklylygyny saklamaga mümkinçilik berýär.
Şoňa laýyklykda, şu ýyl waka 840 000-nji blokda bolup geçdi. Indiki blogy (840 001) alýan maýner baýrak hökmünde 6,25 däl-de, 3,125 bitkoin alar.
Her gezek halwingden soň bitkoiniň bahasy öňküsinden ençeme esse ýokarlanýar. Şeýlelikde. 2013-nji ýylyň ahyrynda, birinji halwingden, takmynan, bir ýyl soň bitkoin 1200 dollar bellige ýetdi. 2017-nji ýylyň ahyrynda, baha bitkoin üçin 20 müň dollar boldy, 2021-nji ýylyň ahyrynda bolsa bitkoin 69 müň dollara ýetdi.
2024-nji ýylda bitkoin ilkinji gezek halwingden öň öňki maksimumdan ýokary boldy, mart aýynda BTC-niň bahasy 73 müň dollara çenli ýokarlandy.
Halwing wagty bitkoin 1,16 trln dollar kapitalizasiýa bilen 64 müň dollardan satyldy.


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...