Futbol düzgüni wagty egleýän derwezebanlar sebäpli üýtgedilip bilner

  • 20.04.2024 07:04
  • 15k+

Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) derwezebanyň topy oýna girizmekde wagty egländigi üçin berilýän jezany üýtgedip biler. Bu barada ESPN-e salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Häzirki wagtda derwezeban topy alty sekuntdan köp saklasa, şol pursat derwezebanyň duran ýerinden erkin urgy jezasy bellenilýär. Ýöne eminler bu düzgün bozulma üçin oýunçylara sanksiýalary ulanmaýar diýen ýaly, çünki olar muny topa eýeçilik edýän topara gatnaşykda agyr jeza hasaplaýarlar.
IFAB indi derwezebanyň topy elinde sekiz sekunt saklamagyna rugsat bermegi we eminiň bellenilen wagty sanap başlamagyny göz öňünde tutýar, ýöne soňky bäş sekunty ol elini ýokary galdyryp sanamaly bolar. Ilkibaşda oýunça dilden duýduryş berler, ýöne eger derwezeban ikinji gezek hem topy wagtynda oýna girizmese, emin burçdan urgyny ýa-da penalti nokady bilen bir hatarda aut bellär.
Wariantlaryň ikisi-de 2024/25-möwsüminiň dowamynda pes derejeli dürli çempionatlarda synagdan geçiriler, şondan soň 2025-nji ýylyň ahyrynda gutarnykly çözgüt çykarylar, üýtgetmeler düzgüne 2026/27-möwsüminden girizilip bilner.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......