Türkmenistanda Angolanyň ilçisi işläp başlady

  • 19.04.2024 12:07
  • 3.3k+

18-nji aprelde Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýa (oturýan ýeri Moskwa ş.) Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ilçi ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Diplomata ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäklerinde Mejlisiň alyp barýan işi we düzümi barada gürrüň berildi. Özara düşünişmegi, ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara dialogy giňeltmek maksady bilen, ysnyşykly parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.
Şol gün ilçi şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşdy.
Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, şol sanda halkara işlerine we başlangyçlaryna özara goldawyň ähmiýetini bellediler.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......