“Barselona” 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi

  • 18.04.2024 16:05
  • 13k+

Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň “Barselona” bilen “PSŽ” toparynyň arasyndaky jogap oýny parižlileriň peýdasyna 4:1 hasabynda tamamlandy (umumy 6:4). Netijede, Kataloniýa topary Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykyp bilmän, ýaryşy terk etdi.

Parižliler bilen duşuşygyň netijesi “Barselona” Klublaýyn dünýä çempionatyna saýlanmaga mümkinçilik bermedi. Hawiniň topary reýting utugy boýunça Madridiň “Atletikosyndan” öňe geçip bilmedi. Munuň üçin ol indiki tapgyra çykmalydy.
Ýatlap geçsek, 2025-nji ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 13-nji iýuly aralygynda ABŞ-da geçiriler. Ýaryşda eýýäm anyk Madridiň “Realy” we “Atletikosy”, APL-den “Mançester Siti” we “Çelsi”, Germaniýadan “Bawariýa” we Dortmundyň “Borussiýasy”, “Inter” we “Ýuwentus” italýan toparlary, Fransiýanyň “PSŽ” kluby, şeýle-de Portugaliýanyň “Benfika” we “Portu” klublary çykyş eder.


düýn 14:15
9.2k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......