AFK BAE-däki güýçli çabga sebäpli Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýarym final oýnuny yza süýşürdi

  • 17.04.2024 10:45
  • 7.3k+

Aziýanyň Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň “Al-Aýn” bilen “Al-Hilýal” toparlarynyň arasyndaky ilkinji oýny yza süýşürildi. Bu barada AFK-nyň Çempionlar ligasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, Sport24 habar berýär.

Oýun 16-njy aprelde Al-Aýnda geçmelidi, ýöne ýaramaz howa şertleri sebäpli ony bir gün yza süýşürmek kararyna gelindi. BAE-niň dürli sebitlerinde tupan we doly bilen güýçli ýagyş ýagýar, şeýle-de güýçli ýel öwüsýär. Köp ygallaryň netijesinde birnäçe ilatly ýerleri suw basdy.
Oýun çarşenbe güni, 17-nji aprelde Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar.


düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......