“Barselona” El-Klasikoda aýdymçy Karol G-niň nyşany basylan eşikde oýnar

  • 15.04.2024 06:29
  • 19k+

"Barselona" Ispaniýanyň çempionatynyň 32-nji tapgyrynyň “Real Madride” garşy oýny üçin täze eşik toplumyny hödürledi. Oýunçylaryň futbolkalarynda kolumbiýaly zenan aýdymçy Karol G-niň nyşany bolar diýip, RBK habar berýär.

Karol G dünýäde, esasanam, Latyn Amerikasynda iň meşhur aýdymçylaryň biridir. Ol Spotify-da dört ýyl bäri bu sebitdäki iň diňlenilýän aýdymçy bolup, onuň aýdymlary platformadaky 100 milliondan gowrak pleýlist sanawyna girizildi.
“Barselonanyň” futbolkalarynda Karol G nyşany tikenlerden edilen ýürek görnüşinde ýasalypdyr - aýdymçynyň elinde hem şeýle surat bar.
“Barselonanyň” sazandalaryň nyşany basylan futbolka geýip, meýdança ilkinji gezek çykyşy däl. Baş hemaýatkäri, Şwesiýanyň Spotify akym hyzmaty bilen hyzmatdaşlygyň çäginde bu klub öň Rolling Stones we repçi Dreýkiň nyşanlary basylan eşikleri hödürläpdi.
“Barselona” bilen “Realyň” arasyndaky oýun 21-nji aprelde “Santýago Bernabeu” stadionynda geçiriler.
“Barselonanyň” 2022-nji ýylyň martynda Spotify bilen hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşandygyny ýatladýarys. Ylalaşygyň çäginde toparyň öý meýdançasynyň ady "Spotify Kamp Nou" adyna üýtgedildi. Şertnamanyň bahasy dört ýyl üçin 280 million ýewro.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......