Mazda wideoda täze uly CX-80 krossowerini görkezdi

  • 14.04.2024 14:29
  • 4.1k+

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy täze Mazda CX-80 krossowerini görkezýän wideo paýlaşdy, ol bu modelleriň arasynda esasy görnüş bolar.

«Mazda Europe täze Mazda CX-80-iň ýakyn wagtda çykjakdygyny mälim etmäge şatdyr. Ösen ýapon dizaýnynyň we häzirki zaman tehnologiýasynyň, öndürijiligiň we dolandyryşyň ajaýyp utgaşmasyny başdan geçirmäge taýyn boluň. Giň, rahat we köpugurly üç hatar oturgyçly Mazda CX-80 ýedi ýolagça ajaýyp sürüjilik tejribesini üpjün eder» diýlip, habarda bellenilýär.

Awtoulagyň uzynlygy 5000 mm, teker binýady 3000 mm-den gowrak bolar. Krossower 327 at güýji bolan gibrid transmissiýa ulgamyny alyp biler we adaty içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri bolan nusgada hem hödürlener.


19.03.2026 04:19
2.4k+

Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy

Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy...

16.03.2026 09:53
2.6k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi...

18.01.2026 20:16
2.3k+

Mazda Ýewropada MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny bes etdi

Mazda Ýewropa bazarynda MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny resmi taýdan bes etdi. Awtoulagyň doly elektrik nusgasy satuwdan öň aýrylypdy. Indi bolsa iki ýyl mundan ozal hödürlenen rotor ýangyç generatorly nusgasy hem sebitden çykýar...

14.11.2025 11:31
2.7k+

Mazda awtoulaglary diňe uglerod bitarap däl, eýsem uglerod otrisatel hem etmegi meýilleşdirýär

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy diňe zyňyndylary nol derejä getirmek bilen çäklenmän, awtoulaglary uglerod otrisatel etmegiň üstünde hem işlejekdigini mälim etdi. The Drive neşiriniň ýazmagyna görä, konsepsiýa bioýangyç bilen işleýän we CO₂-ni siňdirýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyrylan ulagyň çykaryşyndan has köp kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigine esaslanýar...