Messiniň MLS-de näçe gazanýandygy belli boldy

  • 13.04.2024 16:11
  • 20471
Messiniň MLS-de näçe gazanýandygy belli boldy

Braziliýanyň O Tempo gazetiniň habar bermegine görä, Lionel Messi Demirgazyk we Günorta Amerikada iň köp aýlyk alýan futbolçy boldy.

“Inter Maýami” toparynyň argentinaly hüjümçisi ýylda 20,4 million dollar gazanýar.
Bu görkeziji boýunça ikinji orunda torontoly Lorenso Insinýe (15,4 million dollar), ilkinji üçlügi bolsa “Çikago Faýr”-dan Şerdan Şakiri (8,1 million dollar) ýapdy.
Iň gowy on oýunçynyň altysynyň MLS-de oýnaýandygyny bellemelidiris.

Iň gowy 10-lyk:

  1. Lionel Messi (“Inter Maýami”, MLS) - ýylda 20,4 million dollar.
  2. Lorenso Insinýe (“Toronto”, MLS) - 15,4 million dollar.
  3. Şerdan Şakiri (“Çikago Fire”, MLS) - 8,1 million dollar.
  4. Federiko Bernardeski (“Toronto”, MLS) - 6,3 million dollar.
  5. Sebastýan Driussi (“Ostin”, MLS) - 6 million dollar.
  6. Dudu (“Palmeýras”, Braziliýa) - 5,4 million dollar.
  7. Ektor Errera (“Hýuston Dinamo”, MLS) - 5,2 million dollar.
  8. Serhio Kanales (“Monterreý”, Meksika) - 5 million dollar.
  9. Andre-Pýer Žinýak (“Tigres”, Meksika) - 4,6 million dollar.
  10. Rafael Borre (“Internasýonal”, Braziliýa) - 4,6 million dollar.

düýn 15:34
4809

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň "Turan" klubunyň baş tälimçisi boldy

22-nji iýunda Gurban Berdiýew resmi taýdan Azerbaýjanyň «Turan» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Taraplaryň degişli ylalaşyga gol çekendiklerini klubuň sport direktory Samed Nasibow habar berdi. Berdiýew bilen...

düýn 12:06
7206

Ýewro-2024: Gruziýanyň ilkinji utugy, Portugaliýa pleý-off-da, Belgiýa Rumyniýany utdy

Germaniýada futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň E we F toparlarynyň arasynda ikinji tapgyr duşuşyklar geçirildi. Gruziýanyň milli ýygyndysy Çehiýa bilen 1:1 deňme-deň oýnady. Gamburgda geçen oýun ahyryna çenli...

düýn 00:13
8827

Futbol boýunça Afrika milletleriniň kubogy yza süýşürildi

Afrika milletleriniň kubogy – 2025-iň soňky tapgyry 2025-nji ýylyň 21-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary aralygynda Marokkoda geçiriler. Bu barada Afrikanyň Futbol Konfederasiýasynyň (CAF) resmi saýtyna...

22.06.2024 17:48
10269

“Ýewroda” 16 ýaşly Ýamal 23:00-dan giç oýnasa, Ispaniýa jerime salnyp bilner

Ýewro-2024-de çykyş edýän Ispaniýanyň milli ýygyndysyna kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zähmeti baradaky Germaniýanyň kanunlarynyň bozulandygy üçin jerime salnyp bilner. Munuň sebäbi ýaryşyň taryhynda iň ýaş oýunçy...