Lebap we Mary welaýatlarynda mineral dökünleri saklamak üçin ammarlar gurlar

  • 13.04.2024 09:16
  • 6.9k+

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni Lebap we Mary welaýatlarynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlary gurar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini karbamid, fosfor, kaliý dökünleri, ammiak selitrasy bilen üpjün edýär. Mineral dökünleri ammarlarda bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak hem-de dökünleriň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, ýörite ammarlary gurmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Lebap we Mary welaýatlarynyň etraplarynyň birnäçesinde mineral dökünleri saklamaga niýetlenen täze, döwrebap ammarlary gurmagyň maksadalaýyk hasaplanýandygy bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ammarlary gurmak boýunça degişli işleriň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......