2023-nji ýylda dünýäde minutda 10 futbol meýdançasy tizliginde tropiki tokaýlar ýitdi

  • 10.04.2024 22:35
  • 14k+

2023-nji ýylda dünýäde tebigy tropiki tokaýlaryň ýok edilmegi ýokary tizlik bilen dowam etdi. Dünýä resurslary institutynyň (WRI) we Merilend uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl tebigy tropiki tokaýlardan tas Şweýsariýanyň ululygyndaky, ýagny umumy meýdany 37 müň inedördül kilometr bolan territoriýa ýok edildi. Bu tokaýlaryň minutda 10 futbol meýdançasy tizliginde ýitendigini aňladýar diýip, life.liga.net belleýär.

Maglumatlarda 2023-nji ýylda Braziliýada we Kolumbiýada tokaý ýitgileriniň 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 36% we 49% azalandygyna garamazdan, käbir ýurtlarda olaryň öňki derejelerinde galandygy ýa-da ýokarlanandygy bellenilýär.
Braziliýa tokaý ýitgileriniň depginini haýallatsa-da, ýurt Kongo Demokratik Respublikasy we Boliwiýa bilen bir hatarda tebigy tropiki tokaýlaryny ýitiren üç ýurduň biri bolup galdy. Olaryň ählisi bilelikde umumy ýok edilmäniň uly bölegine sebäp boldy.
Kongo Demokratik Respublikasy 2023-nji ýylda ýarym million gektardan gowrak tebigy tropiki tokaýlaryny ýitirdi. Boliwiýada bolsa 2023-nji ýylda tokaý ýitgileri 27% ýokarlanyp, gözegçiligiň taryhynda yzygider üçünji gezek iň ýokary derejä ýetdi. Netijede, ýurt tokaý ýitgileri boýunça ähli tropiki ýurtlaryň arasynda üçünji orny eýeledi.
Kanada 2023-nji ýylda ýangynlar sebäpli 8 million gektardan gowrak tokaý ýitgisine sezewar boldy. Şol bir wagtyň özünde, tokaý ýitgileriniň 51%-i ýangynlar, galanlary bolsa adam işi bilen baglanyşyklydyr.
2021-nji ýylda ähli tokaýlaryň 90%-ini saklaýan dünýäniň 145-den gowrak döwleti 2030-njy ýyla çenli tokaýlaryň ýok edilmek meselesini çözmek barada ylalaşdylar. Ýöne gözlegçiler dünýäniň bu maksatlara ýetmekden heniz uzakdadygyny, sebäbi global tokaý ýitgileriniň ýene birnäçe ýylyň dowamynda üýtgemejekdigini belleýärler.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

22.03.2026 12:19
5.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu...