ABŞ emeli hemralaryna göni orbitada ýangyç guýup başlar

  • 09.04.2024 14:30
  • 8k+

ABŞ-nyň Kosmos güýçleri Günorta-Günbatar ylmy-barlag instituty (SwRI) bilen baglaşan şertnamasynyň çäklerinde emeli hemralara orbitada ýangyç guýmak üçin enjam öndürýär diýip, New Atlas habar berýär.

Ylalaşygyň bahasy 25,5 million dollar. Gürrüň orbital tanker hakda barýar. Astroscale Prototype Servicer for Refueler (APS-R) diýlip atlandyrylýan täze enjam ýangyç daşamak üçin niýetlenendir.
Orbiting Now gullugynyň maglumatlaryna görä, orbitada eýýäm 9707 hemra bar. Enjam, ýangyjy gutaransoň ýöne şeýle ulanyşdan aýrylyp, kosmosda zyňynda öwrülmeli  hemralaryň ömrüni uzaldar.
APS-R-iň ölçegleri sada bolar: 61 x 71 x 114 sm, agramy 198 kg.
Apparaty 2026-njy ýylda satuwa goýbermek meýilleşdirilýär.


şu gün 00:18
491

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......