Tailand jahankeşdeler üçin “Aziýa Şengenini” döretmegi teklip etdi

  • 09.04.2024 14:24
  • 5.5k+

Tailandyň premýer-ministri Srettha Thawisin Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlary bilen bilelikde wiza meýilnamasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, Ýewropadaky Şengen zolagyna meňzeş bu maksatnama syýahatçylara alty goňşy ýurduň: Tailandyň, Kambojanyň, Laosyň, Malaýziýanyň, Mýanmanyň we Wýetnamyň arasynda erkin syýahat etmäge mümkinçilik berer.

“Günorta Aziýa Şengenini” döretmek pikiri köpden bäri ara alnyp maslahatlaşylýar, ýöne indi hünärmenleriň pikiriçe, ony durmuşa geçirmek mümkinçiligi öňküsinden has ýokary. Bu sebitdäki ýurtlaryň öz ykdysadyýetlerini “haýal eksportdan we dünýäniň gowşan isleginden” goramaga çalyşýandygy bilen baglydyr.
Şeýle wiza uzak aralyga syýahat edýän jahankeşdeler üçin sebite syýahaty has özüne çekiji edip biler diýip, Tailand myhmanhanalar birleşiginiň öňki prezidenti Marisa Sukosol aýtdy. Şeýle hem, bu teklibi has bähbitli etmek üçin wizanyň möhletini 30 däl-de, 90 güne uzaltmagy teklip etdi.
2023-nji ýylda Günorta-Gündogar Aziýanyň alty ýurdy jemi 70 million daşary ýurtly jahankeşdäni kabul etdi. Tailand we Malaýziýa syýahatçylykdan 48 milliard dollar töweregi girdeji aldy. “Aziýa Şengeniniň” döredilmegi bu sany ep-esli artdyryp biler.
Sebitiň ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň ýakyn wagtda Tailandyň teklibini has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.


23.06.2026 09:50
4.6k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.7k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......