Hindi inženerleri BMW-ä awtopilotyň täze neslini döretmäge kömek eder

  • 08.04.2024 07:02
  • 12k+

BMW konserni we Tata hindi konserniniň tehnologiýa bölümi, awtonom sürüliş ulgamyny goşmak bilen, awtoulaglar üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlajak bilelikdäki kärhananyň (BK) döredilendigini mälim etdi diýip, auto.ru habar berýär.

BK Hindistanyň dürli üç şäherinde ýerleşer. Birinji etapda oňa 100 töweregi hindi inženerini işe alarlar. Geljekde işgärleriň sanyny 1000 adama çenli köpeltmek meýilleşdirilýär.
Awtopilotlardan başga-da, bilelikdäki kärhana onlaýn hyzmatlar, şeýle hem awtoulag pudagynda işewürlik proseslerini awtomatlaşdyrmak üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlar.
Bilelikdäki kärhananyň döredilmegi BMW-ä eýýäm Germaniýada, ABŞ-da, Günorta Afrikada, Portugaliýada, Hytaýda we beýleki ýurtlarda işleýän IT merkezleriniň ulgamyny giňeltmäge mümkinçilik berer.
BMW-niň flagman 7 Series sedany üçin eýýäm 3-nji derejeli ýarym awtonom hereketlendiriji ulgamyny bildiriş edendigini bellemelidiris.


01.06.2026 10:57
3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.4k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

23.05.2026 20:38
4.9k+

Tata dünýäniň iň arzan awtomobilleriniň biriniň täzelenen görnüşini çykardy

Hindistanyň Tata kompaniýasy dünýäniň iň elýeterli modelleriniň biri hasaplanýan Tiago hetçbeginiň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobiliň doly göwrümli resmi premýerasy 28-nji maýda meýilleşdirilýär....