57 kompaniýa = 80% zyňyndy: atmosferany esasy hapalaýjylar belli edildi

  • 06.04.2024 18:04
  • 11k+

57 sany iň uly uglewodorod we sement öndürijisi dünýädäki bug gazlarynyň zyňyndylarynyň tas 80%-ine jogapkärdir. Bu barada Carbon Majors-yň gözleglerine salgylanyp, “The Guardian” neşiri habar berýär.

Hünärmenleriň täze hasabatyna görä, dünýädäki iň uly 57 nebit, gaz, kömür we sement öndürijisi, şol sanda ExxonMobil, Shell, BP, Chevron we TotalEnergies zyňyndylary azaltmagyň deregine önümçiligi artdyrýarlar, bu hem klimat çökgünligini güýçlendirýär.
Pariž klimat şertnamasynyň baglaşylandygyna garamazdan, soňky ýedi ýylda bu kompaniýalaryň arasynda önümçilik we kömürturşy gazynyň zyňyndylary ýokarlandy.  
Iň uly 57 hapalaýjynyň sanawyndan 65% döwlet we 55% hususy kärhanalar öz önümçilik kuwwatyny artdyrdylar. Zyňyndylaryň iň uly möçberi ExxonMobil amerikan kompaniýasynyň paýyna düşýär (umumy global görkezijiden 1,4%). Shell, BP, Chevron we TotalEnergies global zyňyndylaryň, takmynan, 1%-ini öndürýärler.
Gözlegçilerde döwlet kompaniýalaryndan, aýratynam, Aziýada zyňyndylaryň çalt artmagy howsala döredýär.
Hünärmenler bu kompaniýalardan zyňyndylary azaltmak boýunça aýgytly hereketler bolmazdan, howanyň üýtgemeginiň betbagtçylykly netijeleriniň öňüni almak mümkinçiliginiň az boljakdygyny belleýärler.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

22.03.2026 12:19
5.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu...