Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny mukaddes Gadyr gijesi bilen gutlady

  • 06.04.2024 10:51
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýan mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen Türkmenistanyň halkyny gutlady.

"Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyryp, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Musulman dünýäsiniň halklary bilen birlikde, türkmen halky hem gadymy döwürlerden bäri keremli Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi hökmünde Gadyr gijesine aýratyn sarpa goýup gelýär. Türkmen halkynyň beýik ogly, şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň: «Ýigrimi dört sagat on iki aýda,//Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýen dürdäne setirleri, «Günüň serweri — juma, aýyň serweri — Remezan», «Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil» ýaly pederlerimizden miras galan nakyllar, berjaý edilýän dini däp-dessurlar, okalýan tarawa namazlary we ýagşy doga-dilegler, her bir maşgalada hem-de döwlet derejesinde berilýän agzaçar sadakalary, rehimdarlyk çäreleri jemgyýetimizde agzybirligi we jebisligi has-da pugtalandyrmakda, nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde Oraza aýynyň hem-de Gadyr gijesiniň aýratyn ornunyň bardygyny görkezýär" diýlip Gutlagda bellenilýär.


düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......