Türkmen oba hojalyk instituty mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşigini geçirýär

  • 03.04.2024 14:19
  • 11k+

Türkmen oba hojalyk instituty 2024-nji ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşigini hem-de ylmy bäsleşik geçirýär. Bu barada TmCars-a ýokary okuw mekdebinde habar berdiler.

Ders bäsleşigi matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça geçiriler. Ylmy bäsleşik bolsa Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oba hojalyk ylmy: geljek ýaşlaryň elinde” ady bilen geçiriler.
Bäsleşik 2 tapgyrda geçiriler. 1-nji tapgyry 27-nji aprelde, 2-nji tapgyry maý aýynda geçiriler.
Bäsleşikleriň Düzgünnamasy we geçiş tertibi ýokary okuw mekdebiniň www.tohi.edu.tm web sahypasynda ýerleşdirildi.
Bäsleşiklerde ýeňiji bolan mekdep okuwçylary Diplomlar, Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.


düýn 18:41
2.4k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

düýn 11:24
4.5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.4k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......