“MÝ-niň” oýunçysy ýylyň başyndan bäri has gymmatlan futbolçy boldy

  • 02.04.2024 18:14
  • 13k+

Transfermarkt portalynyň hasabyna görä, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubunyň ýarym goragçysy Kobbi Maýnu 2024-nji ýylyň başyndan bäri dünýäniň has gymmatlan oýunçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada portalyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Aprel aýynda 19 ýaşyny dolduran Maýnunyň bahasy 29 mln ýewro artdy, häzir ol 35 mln ýewro barabar. Häzirki möwsümde ýarym goragçy esasy “MÝ” topary üçin 21 oýna gatnaşyp, iki gol geçirdi.
Şeýle-de, ilkinji üçlüge Ispaniýanyň “Barselonasyndan” 17 ýaşly goragçy Pau Kubarsi we Mýunheniň “Bawariýasynyň” ýarym goragçysy Aleksandar Pawlowiç girdi. Oýunçylaryň ikisiniň-de bahasy 25 mln ýewro bolup, Kubarsiniň bahasy 23,5 mln ýewro, Pawlowiçiňki 23 mln ýewro artdy.
“Bawariýadan” Ýozua Kimmih ýylyň başyndan bäri dünýäniň iň arzanlan oýunçysy boldy. 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Kimmihiň bahasy 15 mln ýewro pese düşdi we häzir 60 mln ýewro barabar. Onuň yzyndan bahalary 10 mln ýewro arzanlan ýene 19 oýunçy gelýär. Şolardan ilkinji üçlüge Londonyň “Çelsisinden” Moýses Kaýsedo we “Barselonadan” Pedri girdi. Olaryň bahasy häzir 80 mln ýewrodyr.


düýn 14:15
8.6k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......