Android 15-de smartfonyň ýerleşýän ýerini operatordan gizlemek mümkinçiligi bolar

  • 01.04.2024 17:53
  • 5.3k+

Android bilen işleýän smartfonlary ulanyjylar ýerleşýän ýerlerini netijeli gizläp bilerler. Bu barada Android Authority-niň hünärmeni Mişaal Rahman gürledi.

Ol Android 15-iň täze beta nusgasyny öwrendi we täze gizlinlik sazlamalarynyň bardygyny ýüze çykardy. Şeýlelikde, ulanyjylar hakyky ýerleşýän ýerlerini öýjükli stansiýalardan we aragatnaşyk operatorlaryndan gizläp bilerler.
Hünärmen operatoryň öýjükli stansiýalardan iberilen signaldan abonentiň ýerleşýän ýerini kesgitläp biljekdigini düşündirdi. Bu maglumatlary üçünji taraplar peýdalanyp, mahabat ibermek, maglumatlary ogurlamak ýa-da bikanun işler etmek üçin ulanyp bilerler. Öçürilen wagtynda telefon ýüze çykarylmagynyň öňüni alýar we ulanyjynyň gizlenmegine mümkinçilik berýär.
Mişaal Rahman smartfonyň gözleg tertibinde ýa-da gyssagly kömek hyzmatlaryna jaň edilen wagtynda enjamyň tapylmagyny ýönekeýleşdirmek üçin bu funksiýanyň işlemejekdigini belledi. Şeýle hem awtor bu funksiýany ähli smartfonlaryň goldamajakdygyny aýtdy.


05.05.2026 15:24
942

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
895

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

09.02.2026 12:17
1.9k+

Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda

Google kompaniýasy häzirki wagtda ulanylýan ähli işjeň Android smartfonlarynyň 40%-den gowragynyň operasion ulgamynyň köne wersiýalary sebäpli howp astyndadygyny tassyklady. Bu görkeziji bütin dünýä boýunça bir milliarddan gowrak enjamyň kiberhüjümlere garşy goragsyzdygyny aňladýar...

06.02.2026 09:00
1.5k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...