Täze Zelandiýanyň ýerli halkynyň patyşasy kitleri adam hukuklary bilen üpjün etdi

  • 31.03.2024 10:04
  • 9.2k+

Täze Zelandiýanyň ýerli maori halkynyň patyşasy Tuheitia Potatau Te Ferofero VII kitlere adamlaryňky ýaly hukuklarynyň berilmelidigini aýtdy. Mundan başga-da, ol bu süýdemdirijileriň goragyny üpjün etmek üçin olaryň şahsyýetini ykrar etmegi teklip etdi.

Patyşa «Deňiz Jarnamasyna» gol çekdi, bu resminamany birnäçe Polineziýa jemgyýetiniň ýolbaşçylary goldadylar. «Deňiz Jarnamasy» kitleri kanunçylygyň subýektine öwürmegiň zerurlygy baradaky düzgünleri kesgitlemegi maksat edinýär. Resminamada olary goramagyň üçin giňişleýin we usuly meýilnamasy beýan edilýär.
Birinjiden, deňizde goralýan çäkleri döretmek, ikinjiden, bu süýdemdirijileri goramak meselesine has bitewi çemeleşmek üçin «milli paýhas» bilen ylmy bilimleri birleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Kitleriň özleri «üýtgewsiz hukuklary bolan kanuny şahslar» hökmünde ykrar edilmelidir, bu bolsa haýwanlaryň hereket azatlygyna, özlerini tebigy alyp barmaklaryna, özboluşly medeniýetini ýaýratmaga, sagdyn gurşawda ýaşamagyna we öz ilatynyň sanyny dikelmegine ýardam bermelidir.


04.05.2026 12:48
3.9k+

Kiwi guşlary bir asyr gowrak wagtdan soň Wellingtona dolanýarlar

Täze Zelandiýanyň paýtagty Wellingtonda bir asyrdan gowrak wagt mundan ozal by ýerlerden ýitirim bolan kiwi guşlaryny yzyna getirmek boýunça uly maksatnama amala aşyrylýar. Bu taslamanyň çäginde sebitiň tebigy......

30.11.2025 10:09
9.4k+

Täze Zelandiýada seýrek haýwanlary goramagyň hatyrasyna ýabany pişikleri ýok edýärler

Täze Zelandiýanyň hökümeti ýabany pişikleri 2050-nji ýyla çenli doly ýok etmek maksady bilen, olary ýyrtyjylara garşy göreşmegiň milli strategiýasyna goşmak kararyna geldi. Tebigaty goramak ministri Tama Potaka pişikleriň ýurduň biodürlüligine çynlakaý howp salýandygyny nygtady...

27.11.2025 11:44
5.7k+

Täze Zelandiýada gülgüne reňkli çekirtge tapyldy: bu onuň durmuşyny kynlaşdyrar

Täze Zelandiýanyň Ýabany haýwanat dünýäsini goramak departamentiniň hünärmenleri Sigaus robustus görnüşine degişli gülgüne çekirtgäni tapdylar. Beýle üýtgeşiklik tebigatda örän seýrek duş gelýär. Emma şeýle açyk reňkiň howply tarapy hem bar – ol çekirtgäni ýyrtyjylara mese-mälim edip görkezýär...

12.10.2025 11:14
9.7k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar. Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady...