The Athletic: UEFA Ýewro-2024-e gatnaşyjy toparlaryň oýunçylar sanawyny giňeltmegi göz öňünde tutýar

  • 30.03.2024 16:36
  • 5.4k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatyna gatnaşyjy toparlaryň oýunçylar sanawyny 26 oýunça çenli giňeldip biler. Bu barada The Athletic habar berýär.

Bu mesele boýunça gutarnykly çözgüt 8-nji aprelde milli ýygyndylaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek ýygnakda kabul ediler.
UEFA “milli ýygyndylaryň käbir tälimçileriniň Ýewro-2024 üçin toparlaryň düzümi babatdaky belliklerini göz öňünde tutdy”.
Häzirki wagtda milli ýygyndylaryň oýunçylar sanawy 23 oýunçy bilen çäklenýär, ýöne Ýewro-2020-de COVID-19 pandemiýasy sebäpli kadadan çykma boldy we sanawa 26 oýunçy goşmaga rugsat berildi.


düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....