Türkmenistanyň BMG bilen durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça teklipler taýýarlanyldy

  • 30.03.2024 09:56
  • 3.3k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryndan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlardan ugur alyp, BMG bilen durnukly ösüş ugrunda döwletimiziň hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Bu teklipler barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda ilkinji gezek BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeligi geçiriler. Halkara derejede durnukly ulag ulgamy meselesini ilerletmekde ýurdumyz öňdebaryjy orny eýeleýär. Hepdeligiň çäklerinde şu mesele boýunça ýokary derejeli mejlis geçiriler. Oňa Türkmenistanyň wekiliýetini ibermek teklip edilýär.
Döwletimiziň ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalaryny, ýeten sepgitlerini we başlangyçlaryny beýan etmek, şol bir wagtda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag onýyllygy boýunça Maksatnamasyny işläp taýýarlamaga goşant goşmak maksady bilen, şu ýylyň 16-njy aprelinde guramanyň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygyny geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek aýda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ösüşi maliýeleşdirmek üçin indiki ädimler boýunça forumynyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini Nýu-Ýork şäherine iş saparyna ugratmak teklip edilýär. Forumyň dowamynda şu ýylyň 23-nji aprelinde «Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly ugurdaş çäräni guramak we onuň mowzugyny ulag ulgamyna hem-de energiýa arabaglanyşygy meselelerine bagyşlamak teklip edilýär.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň energetika pudagyny ösdürmek bilen bagly başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy nygtaldy. 2023-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama munuň aýdyň güwäsidir. Şu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin şu ýylyň maý-iýun aýlarynda sanly ulgam arkaly BMG-niň ştab-kwartirasynda bu ulgamdaky bilermenleriň halkara duşuşygyny geçirmek teklip edilýär.
Belläp geçsek, Türkmenistan Hökümet derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryndan ilkinji tapgyrda jemi 17 maksady, 148 wezipäni we 187 sany görkezijini kabul etdi.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
740

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......