Gadyr gijesiniň hormatyna Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda täze metjitler açylar - Gurbanguly Berdimuhamedow

  • 28.03.2024 15:32
  • 56k+

Ýakyn günlerde mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze metjitler açylar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşynda eden çykyşynda belledi.

“Türkmenler öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny saklap we gorap gelýän halkdyr. Yslam dini halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Adamlary halallyk, ynsanperwerlik, ak ýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda yslam dininiň ähmiýeti uludyr. Nesip bolsa, ýakyn günlerde mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şunuň ýaly täze metjitler açylyp, olarda ýagşy doga-dilegler ediler” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ilatyň haýyşlaryny nazara alyp, Ahal welaýatynyň Änew şäherinde; Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde; Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda; Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda; Mary welaýatynyň  Şatlyk şäherinde metjitleri hem-de olaryň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýy gurmak baradaky teklipleri makullady.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......