Daşoguzda gowaça ekişine girişildi

  • 28.03.2024 15:11
  • 8.1k+

27-nji martda Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde toprak-howa şertlerine laýyklykda, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berdiler.
Welaýatyň ekerançylary, esasan, pagtanyň “Daşoguz — 120”, “Daşoguz — 114”, “Gubadag — 3”, “Jeýhun”, “S-4727”, “F-149”, “Ýolöten — 39” ýaly orta süýümli görnüşlerini ýetişdirýärler. Sebitiň meýdanlaryny ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin döwrebap tehnikalaryň, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň uly toplumy bar. Ekijiler we beýleki oba hojalyk tehnikalary ekişiň bökdençsiz geçirilmegini üpjün eder. Mundan başga-da, göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar, ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edilen toparlar döredildi. Bularyň hemmesi geljekki hasylyň ygtybarly binýadyny tutýan meýdan işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyna mümkinçilik berer.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......