TikTok howpsuzlyk meseleleri boýunça maslahat bermek üçin “ýaşlar geňeşini” döretdi

  • 27.03.2024 13:45
  • 6.6k+

TikTok dünýäniň dürli ýurtlaryndan 15 ýetginjekden ybarat “ýaşlar geňeşini” döretdi. Geňeş kompaniýa ýaş ulanyjylar bilen baglanyşykly howpsuzlyk we syýasat meseleleri boýunça maslahat berer. Bu barada gagadget.com habar berýär.

Geňeşiň döredilmegi TikTok-a gönükdirilen çagalaryň howpsuzlygyna abanýan töwekgelçilikler bilen baglanyşykly tankytlara jogap boldy. Tankytçylar, köplenç, ýaşlaryň howpsuzlygynyň bu programmany ulanmagyň netijesinde ýüze çykýan iň uly töwekgelçilikleriň biridigini belleýärler.
Geňeşiň döredilmegi TikTok-yň jemgyýetiň öňünde abraýyny ýokarlandyrmak we çagalaryň howpsuzlygyna ygrarlydygyny görkezmek synanyşygydyr.
Üstesine-de, häzir TikTok ByteDance kompaniýasyny ABŞ-da gadagan edilmezligi üçin programmany satmaga borçlandyrýan kanun taslamasyna garşy göreşýär. Ähtimal, kompaniýa ýetginjekleri çärelere garşy çykyş etmäge çekmegi göz öňünde tutýan bolmaly.
Geňeşiň wezipesi howpsuzlyk syýasaty we ýetginjeklere, köplenç, degişli bolan meseleler boýunça maslahatlary bermekden, programmada gizlinlik we howpsuzlyk resurslaryny üpjün edýän ýaşlar portalynyň funksiýalaryny maslahatlaşmakdan, şeýle-de Britaniýanyň Praesidio Safeguarding onlaýn-howpsuzlyk guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekden ybarat.
Geňeşiň agzalary zähmet hakyny alarlar.
Bellenilişi ýaly, TikTok-yň baş müdiri Şou Çu fewral aýynda geçirilen soňky duşuşyga gatnaşdy, şonda ýaşlar geňeşi TikTok-dan programmada hasaplaryň we blokirlemegiň işleýşi barada has giňişleýin maglumatlar bilen paýlaşmagy sorady.
TikTok ABŞ-da ýetginjekleriň arasynda giňden ýaýran programmalaryň biridir.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......