Türkmenistanyň DIM-inde TÜRKSOÝ-yň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

  • 26.03.2024 12:57
  • 5.4k+

25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultanbaý Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada diplomatik edaranyň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak babatda pikir alyşdylar.
Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmeklige we Änewiň medeni gymmatlygyny halkara meýdançalarynda (TÜRKSOÝ, BMG, ÝUNESKO) ýaýratmaklyga aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlygyna kanagatlanma bildirip, TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini mälim etdi.


düýn 18:57
976

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
968

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
993

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......