Germaniýanyň milli ýygyndysy Nike bilen şertnamanyň hatyrasyna Adidas bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyny bes eder

  • 26.03.2024 12:26
  • 12k+

Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2027-nji ýyldan başlap Nike brendiniň futbol eşiginde oýnar. Germaniýanyň Futbol Assosiasiýasy (DFB) Amerikanyň sport egin-eşik öndürijisi bilen ýedi ýyllyk şertnama gol çekişendigini mälim etdi diýip, Sports.ru habar berýär.

2026-njy ýylyň ahyryna çenli DFB öň baglaşylan şertnama görä, Adidas bilen işleşer. Nemes brendi bilen hyzmatdaşlyk 70 ýyl dowam etdi (1954-nji ýyldan bäri).
DFB-niň prezidenti Bernd Noýendorf: "Geljekki hyzmatdaşlyk DFB-ä geljek on ýylda Germaniýada futboly ösdürmek üçin esasy maksatlaryň üstünde işlemäge mümkinçilik berer"-diýdi.
Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Nike DFB-ä ýylda 100 million ýewrodan gowrak pul tölär - bu guramanyň häzirki wagtda Adidas-dan alýanyndan iki esse köp.
Adidas-yň häzirki wagtda kyn günleri başdan geçirýändigini bellemelidiris. Ozal habar berşimiz ýaly, ol 2023-nji ýylyň ahyrynda sap ýitgileri çekdi, bu 1992-nji ýyldan bäri ilkinji şeýle ýagdaýdyr. Ýitginiň esasy sebäbi, dawaly hereketi sebäpli repçi Kanýe Uestiň Yeezy brendi bilen hyzmatdaşlygyň kesilmegidir. Netijede, nemes öndürijisi ýüzlerçe million ýewro ýitirdi we häzirki wagtda öňki hyzmatdaşynyň önümlerini öz bahasyndan satyşdyrýar.


düýn 14:15
9.8k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......