Änew - 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty. Şäheriň näme aýratynlygy bar?

  • 25.03.2024 19:33
  • 16k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda Türkmenistan we türkmen halky baradaky maglumatlary giňden ýaýratmak üçin medeni diplomatiýanyň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny birnäçe gezek nygtap belläpdi diýip, Vestiabad.ru neşiri ýazýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Tylla Babaýewa ýurdumyz öz medeni diplomatiýasyny durmuşa geçirmekde halkara guramalar, esasanam, türki döwletleri birleşdirýän halkara gurama - TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly üns berýändigini belledi. Munuň özi türki siwilizasiýanyň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň baý taryhynyň we medeni mirasynyň bardygy bilen baglanyşyklydyr.
Ýurduň medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygynda türki dilli döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýän TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär.
Türki medeniýetiň  halkara guramasynyň karary bilen Änew şäherine 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesi berildi. Bu at häzirki zaman Türkmenistanynyň çägindäki iň gadymy medeni ojaklaryň biriniň baý taryhynyň we medeni mirasynyň ykrar edilmegi boldy.

Änewiň Köpetdagyň etegindäki amatly ýerde ýerleşmegi b.e. öňki IV müňýyllykdan başlap, bu ýerde oba hojalygynyň we oturymly durmuşyň ösmegine ýardam etdi. XX asyryň başynda amerikaly alym R.Pampelli tarapyndan geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri dünýäni haýrana goýan täsirli tapyndylary getirdi. Artefaktlaryň arasynda ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ösdürip ýetişdirilen 5 müň ýyllyk bugdaý dänesiniň galyndylary tapyldy.
Änew adamzat taryhynda ýeri işläp bejermegiň we bugdaý unundan çörek öndürmegiň ilkinji merkezleriniň biri boldy. Müňlerçe ýylyň dowamynda bu şäherçe medeniýetiň, binagärligiň we gurluşygyň ýokary ösüşine ýetdi. Arheologlar keramikanyň we faýansyň ajaýyp nusgalaryny, şeýle hem gadymy änewlileriň  ýokary senetçilik ussatlygyny tassyklaýan köp sanly metaldan we süňkden ýasalan  önümleri tapdylar.
Häzirki wagtda özboluşly “Ak Bugdaý” muzeýi türkmen halkynyň ata-babalarynyň ruhy däpleriniň dowamat dowamdygynyň nyşanyna öwrüldi. Onuň eksponatlary  Köpetdag jülgesinde oba hojalygynyň döreýşi we ösüşi barada gürrüň berilýär. Muzeýiň esasy buýsançly ýadygärligi Pampelli tarapyndan tapylan 5 müň ýyllyk bugdaý dänesidir.

2024-nji ýylda Türkmenistan Änewe Türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi bilen baglanyşykly giň gerimli çäreleriň birtopary geçirer. Türki dilli ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda forumlar, sergiler, konsertler we film festiwallary geçiriler. Esasy wakalar medeni miras boýunça halkara ylmy konferensiýa, TÜRKSOÝ teatr festiwaly, ýaşlar forumy we başgalar bolar.
Bu çäreler türki dünýäsinde medeni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we baý medeni mirasyň mundan beýläk-de ösmegine itergi bermäge çagyrar 


şu gün 16:45
245

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....