Nissan Kicks-iň ikinji nesli çykdy: has güýçli, tekerleri doly hereketli we täze dizaýnly

  • 25.03.2024 06:16
  • 8.6k+

Nissan kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikadaky bölümi Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin Kicks -iň ikinji neslini hödürledi. Krossower täze dizaýn, has güýçli hereketlendiriji, tekerleri doly hereketli we birnäçe tehnologiki täzelenme aldy diýip, auto.ru habar berýär.

Bir hepdeden Nýu-Ýorkda açyljak halkara awtoulag sergisinde awtoulag köpçülige  çykarylar.
Kicks daşyndan täze radiator paneli, köp derejeli yşyklandyryş enjamlary we ulaldylan gabarasy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda salonda 12,3 dýuýmlyk iki displeý, şeýle hem simsiz Android Auto we Apple CarPlay üçin goldaw peýda boldy.
1,6 litrlik hereketlendirijiniň ýerine Kicks indi CVT bilen jübütlenen 141 at güýjüni öndürýän 2 litrlik hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy. Ilkinji gezek modeliň ähli tekerleri hereketli boldy.
ABŞ-da we Kanadada täze Nissan Kicks-iň satuwy tomus aýynyň ahyrynda başlar. Bahalar entek yglan edilmedi. Krossoweriň öňki nesliniň bahasy ABŞ-da 21 050 dollardan başlaýar.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....