Tim Szýunyň garşydaşy üýtgedi: WBO-nyň dünýä çempiony Sebastýan Fundora bilen söweşer

  • 21.03.2024 06:22
  • 10k+

Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) wersiýasyna görä birinji orta agramda dünýä çempiony awstraliýaly Tim Szýu Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) erkin tituly üçin amerikaly Sebastýan Fundora bilen söweşer. Bu barada No Limit Boxing promouter kompaniýasynyň X sosial ulgamyndaky sahypasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Söweş 30-njy martda Las-Wegasda geçiriler. Awstraliýalynyň garşydaşy amerikaly Kit Turman bolmalydy, ýöne HBS-iň maglumatlaryna görä, ol biseps şikesi sebäpli söweşden çekildi.
Szýu 29 ýaşynda, ol öňki absolýut dünýä çempiony Konstantin Szýunyň ogludyr. Tim Szýu professional ringde 24 söweşde 24 ýeňiş gazandy. Bu onuň üçin WBO titulynyň ikinji goragy bolar. Birinjisinde ol amerikaly Braýan Mendozadan üstün çykdy. 26 ýaşly Fundoranyň hasabynda 20 ýeňiş, bir ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.  


08.05.2026 10:25
5.1k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

07.04.2026 00:00
6.7k+

Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....