Gonkongdaky janköýerlere Messiniň oýna çykmadygy üçin öwez tölegi berler

  • 20.03.2024 10:22
  • 13k+

Agence France-Press-niň sosial ulgamlarda paýlaşan habaryna görä, «Inter Maýami» bilen Gonkongyň milli ýygyndysynyň arasyndaky geçirilen ýoldaşlyk oýnuna petek satyn alan janköýerler onuň bahasynyň 50% möçberinde öwez tölegini alarlar.
Ýatlatsak, ýoldaşlyk duşuşygy 4-nji fewralda geçirilipdi.

Gonkongly janköýerler Lionel Messiniň tutuş oýny ätiýaçlyk oturgyjynda geçirmegine nägileligini bildirdiler. MLS-iň toparynyň iň meşhur oýunçysynyň çykmazlygyny, ony görmek üçin oýnuň gymmat bahaly peteklerini satyn alanlar äsgermezligiň alamaty hasapladylar. Üç gün soň, Lionel 7-nji fewralda Ýaponiýada «Wissel Kobe» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda «Inter Maýaminiň» düzüminde oýnanda dartgynlylyk has-da artdy.
Çeşmäniň habaryna görä, oýny gurnaýjylar bilen kazyýet işinden ýüz öwürýänlere öwez tölegi berler. Duşuşyga 38323 janköýer geldi. «Inter Maýami» bilen Gonkongyň milli ýygyndysynyň arasyndaky oýnuň peteginiň iň pes bahasy 108 dollardan başlanýardy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......