Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa iş saparyny amala aşyrýar

  • 19.03.2024 15:57
  • 4.9k+

17-19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa iş saparyny amala aşyrýar.

Saparyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynda, Ýewropa Geňeşinde we Brýusselde ýerleşýän beýleki halkara guramalarynda, degişli ministrlikler we pudak edaralary, söwda-ykdysady gurluşlary we işewür toparlary, şeýle-de ençeme ýewropa kompaniýalary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.
Meýilleşdirilýän duşuşyklaryň gün tertibine Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara meýdançalaryndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek, Belgiýa bilen syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek, şeýle hem ýewropanyň işewür toparlary bilen gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleler giriziler diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......