2023-nji ýylda FIFA-nyň prezidenti näçe gazandy

  • 19.03.2024 11:00
  • 13k+

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň 2023-nji ýylda gazanan girdejisi belli boldy. Sky Sports-yň habar bermegine görä, Infantino täze möhlete gaýtadan saýlanandan soň, onuň zähmet haky üçden bir bölek ýokarlandy. Bu barada championat.com belleýär.

2023-nji ýylda FIFA-nyň prezidentiniň esasy girdejisi 2,2 mln funt sterling boldy, bu bolsa 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 33% köpdür. Geçen ýyl zenanlaryň arasynda dünýä çempionatynyň geçirilendigi üçin 1,5 mln funt sterling möçberdäki bonusy hem göz öňünde tutmak bilen, Infantino 3,6 mln funt sterling gazandy.
2022-nji ýylda FIFA-nyň prezidentiniň girdejisi ýylda 1,7 mln funt sterling möçberdäki esasy girdejide, takmynan, 3,2 mln funt sterling boldy.
Ýatlap geçsek, Janni Infantino ilkinji gezek 2016-njy ýylda FIFA-nyň prezidenti saýlandy, ol ikinji tapgyrda mümkin bolan 207 sesden 115 ses aldy. 2019-njy ýylda ikinji möhlete, 2023-nji ýylda üçünji möhlete saýlandy. 


şu gün 14:15
4.6k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......