4 trln tranzistorly iň uly we iň kuwwatly kompýuter prosessory döredildi

  • 16.03.2024 22:46
  • 7.1k+

Amerikan tehnologiýa kompaniýasy Cerebras emeli aň ulgamlary bilen işlemek üçin niýetlenen dünýäde iň uly kompýuter çibiniň – Wafer Scale Engine 3 (WSE-3) prosessorynyň döredilendigini habar berdi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda bellenilýär.

Gurluş 900 müň ýadrony öz içine alyp, 21,5 santimetr tarapy bolan inedördül kremniý plastinadan ybaratdyr. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, WSE-3-de 4 trln tranzistor bar.
Deňeşdirmek üçin, häzirki wagtda emeli aň modellerini türgenleşdirmek üçin ulanylýan iň kuwwatly çipleriň biri Nvidia H200 grafiki prosessory (GPU) hasaplanýar. Onda bary-ýogy 80 mlrd tranzistor bar, bu bolsa Cerebras-yň çibiniňkiden 57 esse azdyr.
WSE-3-i taslanylýan Condor Galaxy 3 superkompýuterinde ulanmak meýilleşdirilýär. Ulgamyň garaşylýan hasaplaýyş güýji sekiz eksaflops bolar, Condor Galaxy 1 we Condor Galaxy 2 bilen bilelikde bolsa ulgamyň öndürijiligi 16 eksaflopsa ýetmeli.
Deňeşdirmek üçin, häzirki günde ABŞ-nyň Ok-Rij şäheriniň Milli barlaghanasyndaky iň kuwwatly superkompýuter Frontier, takmynan, 1 eksaflops güýji emele getirýär.
Kompaniýa Condor Galaxy 3-i OpenAI-iň GPT-4-ünden we Google-yň Gemini-sinden 10 esse güýçli boljak geljekki emeli aň ulgamlaryny türgenleşdirmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....