ByteDance hytaý kompaniýasy TikTok-yň amerikan bölegini satmaga borçlandyryldy

  • 15.03.2024 09:47
  • 5.1k+

ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasy Hytaýyň ByteDance kompaniýasyny gysga wideolar bilen paýlaşmak üçin niýetlenen TikTok-yň amerikan bölegini satmaga borçlandyrýan kanun taslamasyny goldady. Eger kompaniýa bu teklipden ýüz öwürse, TikTok ýurtda doly gadagan ediler.

CNN teleýaýlymynyň maglumatlaryna görä, resminamanyň kabul edilmegine 352 kongresmen ses berdi, 65-isi garşy çykdy. Indi kanun taslamasy Senata iberiler. Prezident Jo Baýden iki palata tarapyndan hem tassyklansa, resminama gol çekjekdigini aýtdy.
Kanun kabul edilen ýagdaýynda, TikTok-yň ByteDance bilen aragatnaşygyny kesmegine bäş aý töweregi wagt berler. Kanun taslamasynyň awtorlary bolup respublikan Maýk Gallaher we demokrat Raja Krişnamurti çykyş etdi. Olar bu başlangyjy howpsuzlyk maksady bilen düşündirdiler.
ABŞ-nyň häkimiýetleri TikTok-yň üsti bilen amerikalylaryň şahsy maglumatlarynyň ýygnalmagyndan ätiýaç edýärler. Hasaplamalara görä, ABŞ-da TikTok-yň 100 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy bar.
Şeýle-de, kanun taslamasy Ak öýüň ýolbaşçysyna beýleki birnäçe ýurt tarapyndan dolandyrylýan beýleki programmalary-da gadagan etmäge hukuk berýär.


19.06.2025 09:53
8.6k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

03.04.2025 13:46
8.1k+

Amazon TikTok-y satyn almak üçin arza berdi

Amazon ahyrky pursatda Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna degişli TikTok-yň ABŞ-daky bölümini satyn almak üçin arza berdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «The New York Times» neşiri habar berýär. Amazon öz teklibini...

30.03.2025 18:43
15k+

TikTok-y dörediji Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy

ByteDance kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy. Bloomberg Billionaires Index indeksine görä, onuň baýlygy 13,6 mlrd dollar artyp, 57,5 mlrd dollara ýetdi. Imin Tencent Holdings kompaniýasynyň...

27.03.2025 14:16
4.5k+

TikTok-yň marketing we mahabat bölüminiň başlygy kompaniýadan gidýär

TikTok-yň global işewürlik çözgütleri bölüminiň başlygy Bleýk Çendli kompaniýany terk edýär diýip, Adweek habar berýär. Bu TikTok-yň 2025-nji ýylyň başyndan bäri işden giden top-menejerleriniň azyndan sekizinjisidir...