Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýükleriň möçberi artýar: 2023-nji ýylda ösüş 17%

  • 13.03.2024 06:35
  • 5.2k+

2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 17 % artdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.

Üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde ösüş depgini şu ýylyň ilkinji 2 aýynda hem saklanýar. Ýagny, 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% ýokarlandy.
Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr geçelgeleriň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, serhetýaka gümrük nokatlarynda döwrebap şertler döredilýär. Gümrük amallarynyň doly awtomatlaşdyrylmagy we gümrük barlaglarynda kämil enjamlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy, ulag serişdeleriniň gümrük nokatlarynda bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Bu ýagdaýlar bolsa, soňky ýyllarda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýükleriň daşalmagyna gyzyklanmalary has-da artdyrýar. Mysal üçin, 2020-nji ýyldan bäri üstaşyr geçirilýän harytlaryň möçberi 206% ýa-da 3 esse ýokarlandy. Şunda awtoulagly üstaşyr daşamalar 585%, demir ýol ýük daşamalaryň mukdary bolsa 104% artdy.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......