Intel Core Ultra bilen işleýän dünýäde ilkinji ykjam konsol satuwa çykaryldy

  • 11.03.2024 17:38
  • 4.8k+

Intel Core Ultra seriýaly prosessorlarda we Xe-LPG (ARC) grafikasynda gurlan bazardaky ilkinji ykjam oýun konsoly bolan MSI Claw-yň satuwy başlandy. Bu prosessor hatda köp ýer tutýan AAA oýunlaryny hem rahat oýnamaga mümkinçilik berýär diýip, öndüriji nygtaýar.

XeSS tehnologiýasy goldaw bolan Intel çipi şekiliň hiliniň orta sazlamalarynda 1080p ölçegde optimal kadr ýygylygyny üpjün edýär diýip, MSI-de belleýärler. Ulgam iki wentilýatorly, ýylylyk turbalary we kämilleşdirilen howa akymy shemasy bolan Cooler Boost HyperFlow tehnologiýasy bilen sowadylýar.
MSI Claw 7 dýuýmlyk Full HD durulykly we 120 Gs täzeleniş tizligi bolan sensorly ekran, 16 GB operatiw ýat (LPDDR5) we 512 GB SSD disk bilen enjamlaşdyrylandyr. Iň soňky nesil simsiz tehnologiýalara: Wi-Fi 7 (BE1750) we Bluetooth 5.4 goldawy yglan edildi. 53 watt-sagat sygymly akkumulýator doly zarýadda 2 sagat ömri üpjün edýär.
ABŞ-da täze önümi 700 dollara sargyt edip bolýar.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......