Türkiýe türkmen gazyny Ýewropa getirmegiň dürli ýollaryny öwrenýär

  • 09.03.2024 22:19
  • 12k+

Türkiýe türkmen gazyny Ýewropa getirmegiň täze ýollaryny gözleýär. Bu barada Hürriyet Daily News neşiri habar berýär.

Stambulda geçirilen Energetika we klimat forumynda Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar Ankaranyň üç ýoly gözden geçirýändigini aýtdy.

“Olaryň biri türkmen gazynyň swop arkaly Eýranyň üsti bilen Türkiýä geçirilmeginden ybarat. Beýleki bir ýol onuň Eýranyň we Azerbaýjanyň üsti bilen alyş-çalyş arkaly Türkiýä gelmegini göz öňünde tutýar. Alternatiwa hökmünde türkmen gazy Türkiýä has berk, has durnukly we geçiriş ukyby ýokary bolan, Hazar deňzinden geçýän turbogeçirijiler arkaly iberilip bilnerdi” diýip, ministr belledi.

Onuň belleýşi ýaly, üpjünçiligiň başlangyç mukdary 2 mlrd kub metre çenli bolup biler.
Ugurdaşlykda Türkiýe bilen Russiýa Stambulda gaz merkezini döretmegi meýilleşdirýär. Ministr “Stambulyň maliýe merkezi üçin, ilkinji nobatda, “Gazprom” bilen gaz söwda meýdançasynyň üstünde işlenilýändigini” ýatlap geçdi.

“Biz bu meýdançany gysga möhletde ulanylyşa girizip bileris diýip pikir edýäris” diýip, ol belledi.

Ýatlap geçsek, mart aýynyň başynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýa saparynyň dowamynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygyň netijesinde Türkmenistan bilen Türkiýe gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama we uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama gol çekdi.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......