"Mançester Siti" we "Real" Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna çykdy

  • 07.03.2024 09:08
  • 11k+

Ispaniýanyň "Realy" futbol boýunça Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap oýnunda Germaniýanyň "Leýpsigi" bilen duşuşdy. Duşuşyk Madriddäki "Santýago Bernabeu" stadionynda geçirilip, 1:1 hasabynda tamamlandy.

"Realyň" düzüminden Winisius gol geçirdi (65-nji minut). "Leýpsig" üç minutdan soň Willi Orbanyň goly bilen jogap berdi. "Realyň" birinji oýunda 1:0 hasabynda utmagy oňa indiki tapgyra çykmaga mümkinçilik berdi.

Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi "Mançester Siti" öýünde Daniýanyň "Kopengagen" toparyny 3:1 hasabynda utdy. Hosep Gwardiolanyň topary birinji duşuşygy-da şeýle netije bilen tamamlady.
Mundan öň Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalyna "Bawariýa" we "PSŽ" çykdy. 1/8 finalyň galan dört jübütinde jogap oýunlary 12-nji we 13-nji martda geçer.
Dörtden bir finalyň bije çekişigi 15-nji martda bolar. Ilkinji oýunlar 9-njy we 10-njy aprelde, jogap oýunlary 16-njy we 17-nji aprelde geçiriler. Çempionlar ligasynyň finaly 1-nji iýunda Londondaky "Wembli" stadionynda geçer.


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....