Elektronikanyň ikinji ömri. Lenovo abatlanan enjamlary satyp başlar

  • 06.03.2024 23:59
  • 2.9k+

Lenovo sarp edijileri elýeterli tehnologiýa bilen üpjün etmäge gönükdirilen täze “Sertifikatly dikeldilen önümler” programmasyny hödürledi. Programma dikeldilen kompýuterleri we beýleki enjamlary satmaga gönükdiriler diýip, Gizmochina habar berdi.

Programmanyň iki maksady bar: täze ulanyjylary çekmek we şol bir wagtyň özünde elektron galyndylarynyň mukdaryny azaltmak.
Synagyň bir bölegi hökmünde bu maksatnama ilki bäş bazarda: Daniýada, Fransiýada, Germaniýada, Angliýada we Gonkongda elýeterli bolar.
Taslamanyň gaty meşhur bolmagyna garaşylýar. Her ýyl millionlarça iş kompýuterleri zyňylýar ýa-da ýokary bahalardan satylýar. Lenovo maglumatlary giňişleýin arassalanan we düýpli hyzmat edilen elýeterli we barlagdan geçen  enjamlary hödürleýär.
Şeýlelik bilen, kompaniýa diňe bir daşky gurşawy goramak bilen çäklenmän, çäkli býujetli adamlara häzirki zaman tehnologiýalaryna elýeterlilik almaga mümkinçilik berýär.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......